- är
- 1) Maşgalada aýal bilen nikada durup, kanuny esasda ýaşaýan erkek adam, kişi, aýalyň ýoldaşy, adamsy.∙ Birdenkä bolsa aýak çekip, ärine maslahat berdi. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)∙ Atda aýak bolsun, ärde gaýrat. (Nakyl)∙ At ürken ýerinden, är gorkan ýerinden. (Nakyl)2) Göçme manyda Her bir işde durnuklylyk görkezýän, howpdan, kynçylykdan çekinmeýän, edermen, batyr, mert, gaýratly.∙ Çardagly Çandybil diýen ýurtda Görogly atly bir är döräpdir diýýärler, şol senmisiň?! («Görogly» eposy)∙ Är bol-da, duşmandan sakla iliňi. (Mollamurt, Saýlanan eserler)∙ Är ýigidiň ýoldaşy aýal hem bolsa, gerekli ýerinde men-ä är deregini tutmaly -- diýip düşünýän. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Ýagşylyga ýagşylyk-her kişiniň işidir, ýamanlyga ýagşylyk-är kişiniň işidir. (Nakyl)◊ är çykmak — Mazaly ýetişmek, kemala gelmek.∙ Biziň är çykan oglumyz bolsa, mellek ýerimiziň hemmesini har-haşal otdan doldurypdyr. (A Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)◊ är-aýal — Är-heleý bolmak; kanuny esasda maşgala durmuşyny gurmak, nikalaşyp bile ýaşamaga başlamak, goş birikdirmek, öý-işik bolmak.◊ äre çykmak — Äre barmak, durmuşa çykmak.∙ Ýaş aýal äre gitmän, ömrüni geçirip bilmez ahyryn, ol islän adamsyna äre çykmaga haklydyr. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)∙ Soň ol ýedi ýaşly Gurdy we bäş ýaşly gyzyny taşlap äre çykdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.